Myahri - Ejejan Lyrics

Lyrics Ejejan - Myahri



Dünýäde hiç bolmaz enäniň mährini,
Enäniň orunyny, ýer tutup biljek ynsan,
Ene mähriban!
Şeýle az görüner bagş etsek dünýäni,
Bagş etsek bu ömri hiç haçan ynjamasyn
"Eneleň göwni!"
Geliň bolsa indi bile aýdalyň:
"Ejejan seni söýýän! "
"Sen meniň ýekejäm sen meniň ýüregim!"
Biziň geregimiz! Biziň ýüregimiz! Mähriban ejelere!
"Sen meniň ýekejäm sen meniň ýüregim!"
Bagtdyr baryňyz!
Mähirli söziňiz mähirli öziňiz,
Nurlansyn hiç solmasyn güler ýüzüňiz,
Mähriban ynsany, jandan göreliň!
Hem hormat goýalyň!
Ýüzleneliň:"Ejejan!"
"Käbäm" diýeliň!
Geliň bolsa indi bile aýdalyň:
"Ejejan seni söýýän!"
"Sen meniň ýekejäm!"
"Sen meniň ýüregim!"
Biziň geregimiz! Biziň ýüregimiz! Mähriban ejelere!
"Sen meniň ýekejäm!"
"Sen meniň ýüregim!"



Writer(s): Myahri


Myahri - Ejejan
Album Ejejan
date of release
10-06-2014

1 Ejejan




Attention! Feel free to leave feedback.