Abdy Dayy - Karcinoma текст песни

Текст песни Karcinoma - Abdy Dayy



Sen meniň beýdip ýylgyrşyma bakma
Gaý turyp gämileri ýykar
Nebitler akyp deňiz ýanar
Çykar oklaryňy sana
Giç bolup gider ýene sagat
Diýdim hemme zat gowy bolar
Ýöne aldanma alkyşlara
Tolkunlar uryp dur daşlara
Eje biz geleris diýýär gitsegem daşlara
Pul geler işler tizlener
Açlar zeýrener, ogrylar gizlener
Olardan bize diyip geçip ýatar
Ýürekler owranar çörekler ýaly bolup gatap
Hasam uytgedi Atam sen gidensoň köp zatlar
Ýaşlara gidenok hatlar yazamok indi
Nesil üýtgedi düşdi gapana barsy
Ýüzlere mata düşdi ýalanmy ýarsy
Köpeldi gohlar zat boldy pohlar
Sim sim iýýä uryp ýokarda toklar
Men ninja ýaly bolup otyn görip barsyny
Geçdim hiçkime görünmän alyp hasyly
Aldap durmy bizi dünýä bezenip
Näme etseňem soňunda ölmeli
Ýöne gäzirlikçe biz ýüzeli
Hekaýanyň soňy näme göreli
Sen meniň beýdip ýylgyrşyma bakma
Gaý turyp gämileri ýykar
Nebitler akyp deňiz ýanar
Çykar oklaryňy sana
Giç bolup gider ýene sagat
Diýdim hemme zat gowy bolar
Ýöne aldanma alkyşlara
Tolkunlar uryp dur daşlara
Eje biz geleris diýýär gitsegem daşlara
Sen meniñ beýdip ýylgyrşyma bakma
Bize bir degmesinler diýip geçeris atlap
Ýygnap pullarymyzy ikä gatlap öljek bolup
Ömür bizi eltip mata gider şahy bölip
Düzgünler başga indi şeýtan barýar örüp
Görmedik bolyas görüp, garyndaş bölüner
Myhmanlar öñki ýaly yok indi boş dur bak törler
Dünyämize twerk etdirjek bolýar körler
Ýewro dollar altyn üçin gazarlaram görler
Akmaklar güler ýöne men suw berip duryn güle
Galar tüýler täzeden dogularys öwrülip küle
Gireris behişt baglaryna düşip yzyna melekleriñ
bilekleriñ et dilegleriñ yürekden



Авторы: Artur Charyyev


Abdy Dayy - Karcinoma - Single
Альбом Karcinoma - Single
дата релиза
14-01-2021




Внимание! Не стесняйтесь оставлять отзывы.